ادبی - فرهنگیادبیاتتاریخیتحقیقیتورکمن صحراتورکمنستانکلاسیک لرمقالات

Zeliniň sürgünlik döwrüne degişli maglumatlar

  1. Sary Durdyýew[1] Zeliliniň neşirlerine (1954, 1959, 1960 ý) ýazan «Sözbaşylarynda» we «Türkmen edebiýatynyň taryhy» (III Tom, 1-nji kitap) atly kitabyň «Zelili» bölüminde aşakdaky maglumaty getirýär:

«Muhammetrahym han 1819-njy ýylda Garrygala Türkmenleriniň üstüne çozýar, ýerli ilaty talap, köp sanly Türkmenler bilen birlikde Zelilini hem ýesir edip, Hywa äkidýär. Şahyr şol ýerde ýedi ýyl (1819—1826-njy ýyllar) gözasty tussag edilip saklanýar».

   Alym S.Durdyýew kandidatlyk işinde bolsa şahyryň ýesirlik durmuşy 1819-njy ýyldan biraz aňňyrrak, ýagny 1816-njy ýyldan başlanypdyr diýen pikiri aýtmaga meýil edýär.

  Beýleki kitaplar näme diýýär? Şahyryň 1940-njy («Sözbaşy» ýazan A. Ahundow—Gürgenli), 1949-njy («Sözbaşy» ýazan B. Garryýew) ýyldaky neşirlerinde Zeliliniň ýesirlik durmuşy 1819-njy ýyldan başlanýar.

[1] Sary Goklany, asly Türkmensähraly, 1929-da Türkmenistana sygnan sýsasy emigrant, akademik.

Makalany doly okamak üçin aşakdaky ýere basyň

ZELILI (2)

 


نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

دکمه بازگشت به بالا
بستن