اعلامیه هاتورکمن صحراتورکمنستان

Ýazyjy Kasym Norbatow aradan çykdy

ادبیات عألمینده بیر سئلدئز سۆیندی!

Türkmen halkynyň görnükli ýazyjysy, dilewar şahyrymyz Kasym Norbat aradan çykdy. Ol ilkinjiler bolup daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan Türkmenleriň gözgyny ýagdaýyny “Eýranly ýigit” diýen goşgusynda beýan edipdi.

Kasym ilkinjiler bolup kommunistik partiýadan çykýandygyny, part biletini (partiýa agzalyk kartini) Magtymgulynyň ýagigärliginiň öňünde otlapdy.

Kasym Norbatow ilkinjiler bolup diktator Niýazowa garşy çykypdy.

GYNANÇ BILDIRIŞI

Türkmeni Öwraniş Merkez—Türkmen çagalar edebiyatynyň görnükli wekili Kasym Nurbadow, şu ýylyň 30njy aprelinde agyr kesel zerarly Aşgabatda aradan çykdy. Merhum ýazyjy, dogduk obasy Ajyýapda jaýlandy. Nurbadow, iki ay soňra 70 yaşyna ayak basmalydy.

Kasym Nurbadow, 1951-nji ýylyň 3-nji iýulynda Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda eneden boldy. 1973-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. 1973-1983-nji ýyllarda oba mekdebinde dil-edebiyat mugallymy, mekdep direktory bolup işledi. «Çeşmejigim» atly ilkinji goşgusy, 1966njy ýylda «Pioner» žurnalynda çap edildi. 1979-njy ýylda «Yedigen» atly ilkinji kitaby neşir edildi. 1978-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

1994-nji ýylda «Ahmet Ahundow-Gürgenliniň edebi mirasy» temasyndan dissertasiya gorap, filologiya ylymlarynyň kandidaty diýen akademik ady eyeledi. Kasym Nurbadow, Magtymguly adyndaky Dil we edebiyat institutynyň direktory we Türkmenistanyň milli medeniyet «Miras» merkeziniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde de işledi. Eserleri postsowet ýurtlarynyň ençemesinde dürli dillerde çap boldy.

Merhum yazyjynyň jaýynyň jennetden bolmagyny diläp, maşgalasyna, dostlaryna we hemme türkmen edebiyatynyň ýaşaýan wekillerine gynanç bildirýäris.

Käbir eserleri:

  • Deňiz hüwdüsi: goşgular we poema / Aşgabat: Türkmenistan, 1985.
  • Ak çarlaklar: goşgular / Aşgabat: Türkmenistan, 1989.
  • Öweleme-döweleme: goşgular we ertekiler / Aşgabat: Magaryf, 1991.
  • Dilim gyrk: powest we hekayalar / Aşgabat: Türkmenistan, 1992.
  • Ak öý: saýlanan eserler: goşgular, poemalar, ertekiler / Aşgabat: Magaryf, 1993.
  • Medinäniň doglan güni: hekaya / Aşgabat, 2009 (ÝUNISEF tarapyndan neşir edildi)
  • Eýran Türkmenleriniň edebi mirasy

Eýranly ýigit

Öňki tomus Bolgariýa baramda

Bir ýigide gabat geldim Warnada.

“Men Eýrandan geldim” diýdi ol ýigit,

“Ýanymda bar gelnim” diýdi, ol ýigit.

“Iki sany oglum bar ýanymda

Özüm Türkmen” diýdi, Eýranly ýigit.

Hal-ahwal soraşdyk Türkmen dilinde

“Eýranda ýagdaýymyz agyr diýdi, ol ýigit.

“Dilimiz—peltek, arkamyz ýagyr” diýidi, ol ýigit

Ne hakymyz-hukugymyz galdy diýdi, ol ýigit

Ne erkimiz galdy” diýdi ol ýigit

Ne tüýnügimiz- ne uwgymyz galdy” diýdi, ol ýigit.

Ne mülkimiz galdy diýdi, ol ýigit.

Milletimiz “Türkmen” diýilip ýazlanok

Çagalarymyz okamaýar Türkmençe

Ynanmasaňyz-

                           habar atyp göraýyň,

Ogullarym dili bilenok menç…

Ne ilimiz galdy” diýdi, ol ýigit

Ne dinimiz galdy” diýdi, ol ýigit

Diňe, diňe, birazajyk, birazajyk,

“Wah, dilimiz galdy, diýdi ol ýigit…

Şeýle bir ahwaly gür berdi dostum,

Menem oň gürrüňin diňledim geňläp.

Günbatar Berline baramda öňräk,

“Diýdi: Köçä sygman ötüp barýar il

Biri eýläk, biri beýläk, seresaply.

Garaköpük düşse, oklap etegine

Daşyndan syrtaryp, içinden aglap

Gara garny üçin

Aýakgap ýaglap…

Bir dilde habar gatyp saklady

Düşdüm “aýakgabyň ýaglap” diýýänne.

Aýagymy goýdum onuň dyzynda,

Köpeldi ýüzünde biraz ýylgyrma

Diýmek, hoş boldy ol razylygma.

Çötge bilen garaýagy çokjalap

Ýaňky kişi aýakgabym çokgeläp…

Hiňlenip başlady, göwni hoö bolup

Görüp dursam, Türkmen eken ol ýigit.

Syrtmak salyp idilse-de

Ýeňsesinden itilse-de

Watanyny ýitirse-de

Bu dünýäniň ýaşaýşynyň manysyny ýitirse-de

Ýitirmän eken ol Türkmen dilini…

Hawa!

Dostum onuň Türkmendigini

Onuň Türkmençe hiňleşinden aňypdyr-

Hawa, onuň diňe dili galypdyr.

Kasym Norbatow

1985

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

دکمه بازگشت به بالا
بستن