ادبی - فرهنگیتورکمن صحراتورکمنستانمقالات

Berdinazar Hudaýnazarowdan goşgular

Berdinazar Hudaýnazarow — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylda öňki Ýerbent etrabynyň Düwünli guýusynda (obasynda) dünýä inýär. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasy Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýlaryna göçürilende, Berdinazaryň maşgalasy hem şol ýere göçýär. Geljekki ýazyjynyň ýetginjekligi gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Çekip-çydardan kyn durmuş ýaş Berdinazary tiz taplaýar, ol agyr zähmetde bişişýärBerdinazar Hudaýnazarow 1957-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyndaky Ýokary edebiýat kursuna okuwa iberilýär. Moskwada Edebiýat institutynda ol Mihail Swetlow, Ýaroslaw Smelýakow ýaly meşhur rus şahyrlaryndan tälim alýar. Edebiýat institutynda okaýan döwründe şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilýär. Berdinazar Hudaýnazarow köp ýyllaryň dowamynda çeper döredijilik işi bilen meşgullandy we okyjylaryň göwnünden turýan çeper eserleri döretdi. Berdinazar Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanyldy, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy wezipesinde işledi

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

دکمه بازگشت به بالا
بستن