ادبیاتتورکمنستانرویدادها

Ýazyjy, şahyr, dramaturog Towşan Esenowany ýatlap

Towşan Esenowa sowetler zamanynyñ türkmen zenanlarynyñ arasyndaky ilkinji şahyrdy hem ilkinji dramaturgdy. Ilki bilen, onuñ terjimehalyny gysgaça gürrüñ bereýin.

Ol 1915-nji ýylyň 23-nji Noýabrynda Kaka etrabynda dünýä inýär, başlangyç bilimi obalaryndaky mekdepde alýar. 1928-1932-nji ýyllarda Aşgabadyñ aýal-gyzlar pedtehnikumynda okaýar, şondan soñ respublikan gazet-jurnallarda, radioda, telewideniýede işleýär. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyñ, soñ A. Gulmämmedow adyndaky ýaşlar teatrynyñ edebiýat bölüminiñ müdiri bolup işleýär. Ömrüniñ soñky ýyllarynda bolsa Ýazyjylar soýuzynda geñeşçi bolup işledi.

1938-nji ýylda onuñ ”Polat gyzlara” atly goşgular ýygyndysy çap edildi. ”Uzaklara nazar” (1967 ý.) atly goşgular ýygyndysy, Garagum derýasynyñ gurluşygy hakda söhbet açýan ”Keltebeden rowaýaty” (1961 ý.) atly poemasy T. Esenowa meşhurlyk getirdi, bu eserler soýuz respublikalaryñ, şeýle hem daşary ýurtlaryñ birnäçesinde terjime edildi.
T. Esenowa türkmen teatrynyñ ösmegine önjeýli goşant goşdy. Onuñ kolhoz gurluşygy hakdaky ”Şemşat” (1938 ý.), türkmen zenanlarynyñ öz bagty ugrundaky göreşi hakdaky ”Seniñ yşgyñda” (1968 ý.), ”Gelin gelýär” komediýalary türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Edebiýatda bitiren hyzmatlaryny göz öñünde tutup, T. Esenowa 1940-njy ýylda ”Türkmenistanyñ at gazanan şahyry”, 1974-nji ýylda ”Türkmenistanyñ halk ýazyjysy” diýen hormatly ady dakyldy.
Men köp ýyllap Towşan Esenowa bileb duldegşir goñşy bolup ýaşadym. Köp gezek gürrüñdeş boldum, birnäçe gezek döwlet delegasiýalaryna goşulyp daşary ýurtlara bile gitdim.
Ol sowgatly, mylaýym häsiýetli zenandy, işeññirdi, jemgyýetçilik işlerine has köp gatnaşýardy.
T. Esenowa türkmen zenanlarynyñ arasynda ilkinji şahyr bolansoñ, geçirilýän çäreleriñ köpüsine çagyrylýardy. Ol özüniñ köp wagtynyñ ýygnaklarda geçýändiginden, döredijilik bilen meşgullanmaga wagtynyñ az bolýandygyndan zeýrenýärdi.

  1. Esenowany azat türkmen zenanlarynyñ simwoly hökmünde öñe sürüpdiler. Şeýle bolansoñ, ol öz döwründe alpinistler toparyna goşulyp daglara çykypdy, uçardan paraşýutly böküpdi, suwda ýüzüpdi. Mahlasy, ony jemgyýetiñ ähli ugurlarynda ussat, başarjañ zenan hökmünde görkezýärdiler. Ol hakda köp ýazýardylar. Gazet-£urnallarda suratlary çykýardy.
    Ýetmişinji ýyllarda T. Esenowanyñ ”Ýigrenji galyñ” atly makalasy çap edilipdi we bu respublikamyzda gyzgyn ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Ýygnaklarda meniñ makalamy goldap çykyş edýärdiler, ýöne özara söhbetdeşliklerde ýeke adam hem meniñ pikirimi goldamandy. Wah, galyña garşy göreş meniñ adyma duwlanylyp edildi. Aslynda welin, men onuñ ýaly makala ýazjak zenan däl diýip, Towşan daýzanyñ janykmasy ýadymdan çykanok.

  1. Esenowa 30-80-nji ýyllaryñ aralygynda türkmen zenanlarynyñ göreldeli nusgasy bolup ýaşady. Ony daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara görkezýärdiler. Daşary ýurtlular onuñ döredijiligi, ömri, öýi, maşgalasy bilen gyzyklanýardy.
  2. Esenowa Ýazyjylar soýuzynda işlän ýyllarynda maña şeýle gürrüñ berdi:
    ”Men ömrümi iki bölege bölýärin: türkmen zenanlarynyñ simwoly bolup ýaşan ýyllarym we ondan soñky ömrüm. Maña, dogrusy, soñky ömrüm has lezzetli. Sebäbi men durmuşyñ lezzetini alyp, asuda, rahat, ýaşaýaryn.

Şahyra bu sözleri diýse-de, diýipdi, ýöne ýaşlyk ýyllaryny küýseýändigi açyk duýulýardy. Onda şeýle bir berk ynam bardy: ”Bir döwür geler, meniñ durmuş ýolum, döredijiligim düýpli öwreniler. Sebäbi men muña mynasyp işleri bitirdim”.

Men hem bu pikire ynanýaryn.

Kaýum TAÑRYGULYÝEW

“…Aradan çykan badyna Towşan bajynyň öýi hökümetiň karary bilen muzeýe öwrüldi. Ýöne Nyýazowyň metbugat sekretarynyň oňa täsir etmegi bilen geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda bu öý-muzeý ýapylyp, jaý zähmet biržasyna berildi. Towşan Esenowa gyýa göz bilen garalyp başlanmagyna onuň “Literaturnaýa gazetada” çap edilen “Ýigrenji galyň” atly makala gol goýmagy bahana boldy.

Kakasynyň gyzyny gaýtarma edip saklandygy üçin, şol makala gazetde çap edilenden soň iş kesilendigi zerarly kalbynda kitüw saklap ýören metbugat sekretarynyň gep bermegi bilen Nyýazow Towşan Esenowany türkmenleri dünýä ýüzüne masgara etmekde aýyplady. Şondan soňra onuň eserlerine, umuman adyna gadaganlyk girizildi, türkmen edebiýatyndan adyny öçürmäge synanyşyk edildi.

Ata-babalarymyzyň “Aýbyny ýaşyran aýňalmaz” diýen pähimi bar. Şoňa eýerilse, ýurdumyzyň içinde galyň ýaly nogsanlyga, hökümetiň, has dogrusy, partiýanyň, jemgyýetçiligiň baş galdyrmaýan wagtynda merkezi gazetde makalanyň berilmegi ýazgarylmaly dälmikä diýýän. Galyň möçberiniň şol döwürlerde aýylganç derejelere baryp ýetendigini il bilýär. Şonuň üçin-de, makala ýolbaşçylaryň degnasyna degen bolmagy ähtimal. Ýönekeý, eli ýuka adamlaryň bolsa minnetdar bolandyklaryna özümiz janly şaýat. Her niçik bolanlygynda-da, merhuma temmi bermek adamkärçilikden nyşan däl.

Nyýazowyň Berdi Kerbabaýewe, Gara Seýitliýewe, beýlekilere igesini sürtüp ugranyndan habarlysyňyz. Häzir olar şertliräk aýtsak, aklanyldy. Öz gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy saýýan halkymyzyň olary aňsat-aňsat ynjytmaýandygyny hemmeler bilýär. Edebiýatymyzyň, jemgyýetimiziň ösmegine öz goşandyny goşan Towşan Esenowanyň adyndan tabu tagmasyny aýryp, onuň ruhunyň ynjydylmagyny bes etmeli. Şonda adamkärçilikli, adalatly bolar.

AŞYRGULY BAÝRY. AZATLYK RADIOSY

https://www.azathabar.com/a/16799626.html


نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

دکمه بازگشت به بالا
بستن