ادبیاتتاریختحقیقیتورکمن صحراتورکمنستاندیدگاه

Tireparazlyk keselinden saplanyp, MILLETLIK derejesine ýetmeli!

“Paýhasly owunjak duşmanlar,

Men sizden gorkýaryn.

Owunjaklar bilen hut özi ýaly

Ownuklaşman,

Nädip düşünşip borkan?”

                      (K.Gurbannepesow. Rubagylaryndan)

Malanyň sesli görnüşi

Türkmen milletiniň etniki düzüminde birnäçe esasy taýpa bar; Ýomut, Teke, Gökleň, Ärsary, Salyr, Saryk… Olaryň birleşmeginde bitewi Türkmen milleti emele gelýär. Gynansagam käbir zandy ýaman “ýazyjy, şahyrlaryň” tire-taýpany, milletden has ýokarda goýup, ownuk-uşak bähbitlere kowlaşyp, özleriniň bitewi bir milletle degişlidigini unudýarlar, muňa bolsa diýseň nebsiň agyrýar. Bu hakda fakt köp, aşakda agzajak gürrüňmiz şolardan bir mysal.

   Golaýda 12-nji ýanwar, Gökdepe tragediýasyna degişli dürli çykyşlar, gürrüňler, goşgular internet saýtlarynda, mediýalarda hödürlendi. Şonda şahyr Öweztagan Kätibiniň (1803—1881) “Seniň üstüňde” goşgusy-da görkezildi. Ýöne birisi “Kätibiniň” şol goşgusynda, heniz bize mälim bolmadyk bir küpletiň goşulan görnüşini telgram kanallarynyň birinde ýerleşdirdi. Ol artdyrlan bent şundan ybarat:

“Ors atly nägehan zat peýda boldy,

                 Sapar aýy halk üstüne ýöridi,

                Ýomut, gökleň ili şoňa ýarydy,

                Şeýle ot sowruşdym, seniň üstüňde.”

Elimizde Kätibiniň baryp 1963-nji ýylda filologiýa ylymlaryň kandidaty Mertguly Garryýewiň tagallasy bilen we filologiýa ylmlaryň doktory Sary Durdyýewiň (Sary Goklani) redaktirligi bilen çap bolan kitbi bar. Onda şol agzalan goşguda ýomut, gökleň we olaryň orsa ýarandygy hakda söz ýok.

Şonuň ýaly-da Türkiýede “Fikret Türkmen” we prof. Gurbandurdy Geldiýew tarapyndan işlenen “Türkmen şiir antologisi”[1] ýygyndy-da hem “seniň üstüňde” diýen goşgy çap edilipdir, onda-da ýomut, gökleň we olaryň orsa ýaranşy hakda kelam agyz söz ýok. Internet saýtlarynda-da ýerleşdirlen bu goşguda-da Türkmenleriň köp bölegine töhmet, hapa atylan sözlere duş gelnenok

   Görüp otursak bu töhmetli setirler, 1997-nji ýylda Aşgabatda Şamuhammet Gandymow tarapyndan çap edilen “Kätibi, goşgular” diýen kitabyň 109-njy sahypasynda berilen goşguda getirlipdir.

   “Seniň üstüňde” diýen goşgy, Türkmensährada çap bolýan “Türkmennama” žurnalynda hem çap edildi, çapa taýýarlan A.Onsoriniň pikriçe bu ýomut, gökleň bendi şüpheli, bu bent ozalky çaplarda ýok.

  Inha, şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: Ş.Gandymow bu bendi nirden aldyka? Eger-de ony “golýazmalar fondundan” alan bolsa on-da onuň “bukjasynyň nomerini” bermeli, eger-de il arasyndaky rowaýatlardan alan bolsa onda onuň dokumental däldigi hakda aşakda durup geçeris, eger-de awtoryň özi toslap tapan bolsa onda bu adamyň baryp ýatan ganym tireparazdygy görnüp dur. Daşary ýurtlarda ýaşaýan biz Türkmenlere, Türkmenistanyň dürli inistitutlary şol sandan milli golýazmalar fondy bilen aragatnaşyk etmek el bermän gelýär, sebäbi belli. Bar indi Kätibiniň elýazmasynda şol bentler bolaýanda-da, öz milletiniň agzybir bolmagyny isleýän wyždanly ýazyjy-şahyr, “ýamany ýygşyryp, ýagşyny ýaýmaly” dälmi? Gandymow, meşhur “Jeňnama” eserini okamadyga meňzeýär, okan bolsa baryp 1858-njy ýylda Garry Galada ÝOMUT GÖKLEŇ TEKä-niň birleşip Eýranly basybaljylaryň-Japarguly hanyň goşunyny çym-pytrak edendigini, ýa-da 1860-de Mary TEKE SALYR SARYK birligi netijesinde Hemze Mürzäniň masgara bolup ýeňlendigine göz ýetirerdi. Eli galam tutýan wyždanly ýazyjy, “orsuň ýomut, gökleňe ýarandygyny toslamany,  ile şular ýaly birleşmek ruhuny ündemeli.    

  Mälim bolşy ýaly Weli arhiw lakamly “Weli Kömekow”yň “Ýatyr munda” diýen goşgusynda (ol döwürdeş goşgy) birgiden batyrlaryň ady agzalýar, Kätibiniň “Seniň üstüňde” diýen goşgusynda-da şehitleriň adyny goşmak isleýän kişi ýa-da kişler bu goşga el degirip oňa özleriçe setirler artdyrandyrlar, şonda içlerinde ýomuda we gökleňe bolan kine-kitiwlerini-de goşup goýberendirler. Şeýle tireparalyk kineler Türkmenistanly käbir belli şahyrlarynda-da görünýärdi. Meslen merhum şahyr Şiraly Nurmyradow degişme äheňde: “Kaspi kenarynda oturan ýomutlar, deňizde görnen her bir rus gämisine el galgap olary ýurda çagyryp durupdyrlar” diýen sözi gaýtalamgy gowy görýärdi.

  Ýokarda agzan goşmaça ýomut, gökleň bendiniň şüphelidigine şaýatlyk edýän ýene bir mesele-de goşgy setirleriň özi aýdyp dur. Kätibiniň ähli setirlerinde waka köplük görnüşinde agzalýar: “Horluk gördük”, “baýdyrdyk”, “garpyşdyk”, “jepalar çekdik”… ýöne bu töhmetli ýomut, gökleň bendinde köplük görnüşi üýtgedilip onuň ýerine ýekelik, hamana şahyr ýeke başna/indiwidual görnüşde urşa gatnaşandygy orta atylyp: “ot sowruşdym seniň üstüňde” görnüşde getirilýär.

    Indi “Ýomut, gökleň ili şoňa ýarydy” diýen töhmetiň esassyzdygyna geçýäris.

   Ruslaryň Hazar deňziniň gündogaryna süýşmegi bu ýerde ýaşaýan ähli Türkmenlere gaty urgy boldy. baryp Fon_Kaufmanyň 1873-de Gazwatda Hywa Ýomutlaryny gyrmagy, edil şol ýylda W.Makozowyň Hazarýaka ýomutlara beren agyr jezasy, 1880-de we 1881-de Gökdepe gyrgynçylygy, 1916-njy ýylda gen.Madritowyň Gürgen (Türkmensähraly) ýomutlary gyrgyna bermegi…1931-de Bolşewikleriň Dehli baba-da Balkan ýomutlary paýhynlamagy…şolaryň iň aýylgançlary hasaplanýar. SSSR döwründe bu taryhy wakalary ýatlamak, şehitleriň hatyrasyny belende götermek, çykyşlar etmek, makalalar ýazmak düýbünden gadagan edilipdi. Diňe SSSR dargandan soňra Gökdepe şehitlerini ýatlamak dabarasy başlandy, ýöne henize çenli Hywa ýa-da beýleki gyrgynçylyklary resmi suratda ýatlamak, ol illeriň şehitlerine hormat goýmak Aşgabat resmileriniň ýa-da nä_resmileriniň ýadyna-da düşenok.

  • Diplomatik taktikasy

   Tireparazlyk keseline uçranlar göýe diýersiň Gökdepäni ýekebaşyna Tekeler gorapdyrlar-da, ýomut, gökleň bolsa ruslara gulluk edipdirler. Olar Dykma serdaryň edil Skoblewiň agyr goşuny Gökdepä süýşip gelýän günlerinde-de ýomut, gökleň, nohur obalaryny çapyp, talap agzybirlige zyýan berip, gytaklaýyn ruslara gulluk edendigini unudýarlar. (Dykmanyň ruslara gulluk edendigi hakda faktlar az däl.)

  Ahal hanlary, bu agyp gelýän belany sowmak üçin diplomatik taktikasyny oňarmandyrlar, olar ne ýomutlar bilen dil tapyşyp bilipdirler, ne-de hatta Mary tekeleri bilen. Uly maslahatda bolsa ruslar bilen gepleşige girişmegi teklip eden Hanmämet Atalyk bilen Orazmämmet hany gyzmaçlar tas öldüripdiler. Onsoň Nurberdi hanyň ýerne geçmegi ýüregine düwüp, onuň ornuna göz diken, özüni “Soltan Sanjar mazy” atlandyran fanat ruhany Gurbanmyrat işan ýalylaryň dar düşünjesi, külli Türkmeniň agzybir bolup duşmanyň garşysynda göreşmek we birleşmek diplomasyýasyna agyr zarba urupdyr. Günäni “ýomut, gökleniň ruslara ýarandygynda” arap, ony bahana etmäni, erkek bolup öz ýalňyşyňy, günäňi boýun almakdan gözlemeli.  

 Gökdepe gyrgynçylygyna ilkinjiler bolup aglan Gökleň ilinden, hoja tiresindan, Mesgingylyç şahyr bolupdyr, ol “Belalardan nyşan” elegiýasynda “Hemdemim Ussa Myrat” diýip, Gökdepeli syrdaş dosty bilen bile aglaşypdyr. Ýöne gen.Madritowyň gökleňleri gyran mahlay syrdaş diýlen ilden ýas-matam bildiren bolmandyr. Mesgingyljyň “belalardan nyşan” goşgusynda şeýle setirler bar:

“Wa daryga sernegun boldy Söýün han illerim,

Gözi girýan, bagry berýan, hana weýran illerim.

Ajizi Megingylyç kyl toba, çendan ýyglagyl,

Hemdemim “Ussa Myrat”, hatyry perişan ýylagyl,

Arasat gopdy bugün, möminlere ahyrzaman…”[2]

 

    Ýurdy diňe Ahallylar goramady

                                            Urşda ýomutlar, tekelere kömet etdiler.” (Grodokow)

  Ýokarda belläp geçişimiz ýaly heniz tire, klan, urug düşünjesinden aşyp, milletlik derejesine ýetip bilmedikler, ýer ýüzünde ýeke-täk döwletimiz bolan Türkmenistany-da ähli Türkmenlere däl, eýsem hatta Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan, dürli welaýat ilatyna-da mäherli ojak edip bilmän gelýärler. Daşoguz, Lebap, Balkan ilaty, paýtagt Aşgabatda gyzgyn garşy alynmaýar (bu babatda aýdara fakt kän). Tireparazlaryň pikriçe Gökdepe urşunda ýurdy diňe Tekeler gorapdyrlar şoňa görä-de häkimiýet, güýç elmydama olaryň elinde durmalymyşdyk. Beýle pikir sagdyn jemgiýeti, demokratik prinsiplerini, doganlyk-dostluk garaýşyny ündäp bilmez. Ýurtda ýaşaýan ähli watandaşlar deň hukuklydyr we olara deň hukukly göz bilen garalmalydyr.

  Tireparazlaryň yzagalak pikriçe Gökdepe urşunda ýomutlar we beýlekiler kömege gelmändirler. (bu düýbünden nädogry, onuň nädogrudygyny aşakda subut ederis).  Tireparazlaryň bu pikrine garşy durýan ýomutlar bolsa: “bizi Kaufman gyrýarka, bizi Markozow, bizi Madritow gylyçdan geçirýärka tekeler niredediler diýmejeklermi? Özbek hanlarynyň güýjüne arka berip, salyrlary, saryklary Marydan tekeler kowup çykarmadymy diýlmejekmi? We …. “ýomut, gökleň ruslara ýaranşy…” Hiý-da şuňa meňzeş il agzyny alartjak gürrüňleriň agzamaly zamanasymy şimdi? Tireparazlykdan saplanyp Milletlik derejesine ýeten bizler bolsa, “geçen geçdi, taryh boldy, indi alňymyza, öňümize, ýagty geljegmize tarap ymtylmaly” diýýäris.

Gepi uzatmany faktlara ýüz tutalýly:

  • 1879—1880-nji ýyllar aralygynda Ruslaryň Hazar deňziniň gündogar kenarlaryna aralaşmagyna göz ýumup durup bilmedik, bu ýerleriň batyr ýigitleri “Çelekende”, “Çekişlerde” we “Esengulyda” birnäçe gezek rus esgerlerine zarba urýarlar. Bu barada rus generallary “Stolet”iň we “Markozow”yň ekspeditsiýalarynda jikme-jik maglumat berilýär.
  • Türkmenistanly taryhçy alym prof. Aga Garryýewiň bellemegine görä, general Stoletiň indiki baharda Tekeleriň üstüne ýöriş etjegini duýan Ýomut serkerdeleri, üç sany batyr ýigidi Nurberdi hanyň huzuryna ýollap, bu wakany oňa habar beripdirler. Nurberdi hanyň buýrugy bilen ýygnanan atly ýigitler “Gysga su” diýen ýerde rus esgerlerine zarba urup, köpüsini gyrýarlar.[3]

General Skoblewiň kömekçi ofiseri Grodokow özüniň “Türkmen ilinde urş”[4] diýen ýatlama-kitabynda şeýle faktlary ýörite belläp geçýär, şolardan birnäçesini getirýäris:

  • Ýomutlar ýene-de bir gezek “Garaja_batyr”daky telgraf sütünleri ýykyp, simlerini gopardylar. Bu biziň habarlaşmak sistemamyza agyr zarba boldy. Arçmanyň golaýynda biziň hüjümlerimize garşy bolan söweş mahaly, ýomut partizanlary-de Çekişler bilen Bamy aralygyndaky telgraf simlerini kesip, Skoblewiň toparyna ýardam gelmegine päsgelçilik döretdiler. (Grodokow. S.55)
  • Ýomut partizanlarynyň urşda kömek berendigi hakda ýene bir fakt:
  • 18 ноября между Караджа-батыром и Яглы-олумом было опрокинуто несколько телеграфных столбов и порублена проволока. Скобелев видел в этом юмуды действие интриги иностранных агентов، о чем и сообщил нашему посланнику. Зиновьев счел долгом обратить внимание персидского правительства на этот факт и убедил его принять действительные меры к обузданию паправленных против нас неприязненных поступков.Результаты исследования предпринятых по приказанию Наср-Эддин-шаха губернатором Астрабада.
  • Terjime:

“18-nji Noýabrde “Garaja batyr” bilen “Ýagly olum” aralygynda birnäçe telgeraf sütünler ýykyldy we simleri goparyldy. General Skoblew ýomutlaryň bu hereketine Inglisleriň müçew berýändigine ynanýardy. Şonuň üçin Tahrandaky ilçimize bu meseläni anyklamak üçin hat ýazdy. Ilçimiz I.Zinowiýew, ýomutlaryň öňüni almaga patyşany (Nasertddin şany) çagyrdy. Alyhezret Nasertdin şanyň permany boýunça Astrabat häkimi bu meseläni derňejek.”

Grodokow eseriniň 3-nji tomunyň 33-nji sahypasynda, Ahala ýük daşaýan ok-ýarag kerwenine ýomut partizanlarynyň hüjüm edip, ok-ýarag olja alandygyny belleýär. Ol şeýle ýazýar:

“Çekişlerden Bama barýan düýä ýüklenen kerwenden, ýomutlar köp mukdarda tüpeň, ok we top okuny ogurlap, Etregiň aňyrsyna aşyrypdyrlar ýa-da olary bir ýerde gömüpdirler. 13-nji sentýabr agşamy ýene şeýle işe baş goşamaga synanşan ýomutlardan 11-si ele düşdi. Barlap görlende ýomutlar 18 müň sany tüpeň oky bilen 200 sany top okuny alyp gidipdirler. Şondan soňra Skoblew ýomut kazylaryna we ak-sakgallaryna haýbat atyjy şeýle mazmuly hat ýollady:

  • «В последнее время было несколько случаев порчи телеграфных столбов и воровства верблюжатыми разного казеннаго имущества и патронов. Простой народ туркменский не знает، что воровство патронов и уничтожение телеграфных столбов равносильно открытой вражде. Поэтому считаю необходимым предварить всех вас для объявлеания вашим соплеменникам، что ВСЁ пойманные в воровств’е патронов вожаки верблюдовъ и захваченные в порче телеграфа будутъ расстреляны без всякого снисхождения. Туркмены не знают، как строгие руссие законы будут карать виноватых в таких преступлениях и потому вам، какъ казъям и старшинам народа следует ознакомить с этим жителей ваших: «аулов и внушить им، чтобы они берегли себя и знали، что уничтожение телеграфной линии и воровство патронов не будет наказываться иначе، как смертью».
  • Terjime:

Soňky günlerde birnäçe waka boldy, ýagny telegraf simleri we sütünleri goparyldy, döwlet emlägi ogurlandy. Sada Türkmenler ok-ýarag ogurlamagyň we telegraf simleriniň goparylmagynyň duşmançylygyň alamatydygyny bilmeýärler, şoňa görä sabrymyz gutarmadan ozal size duýdurýaryn; öz tiredeşleriňizi habardar ediň, mundan beýläk ok-ýarag ogurlap ýa-da telegraf simlerini kesip ele düşenler, ölüme höküm ediljekdir. Beýle adamlary jezalandyrmakda rus kanunlarynyň agyrdygyny sada Türkmenler bilýän däldirler, öz obadaşlaryňyza beýle işlerden çetde durmaklaryny aýdyň. Bilip galyň telegraf simlerini goparmagyň we ok-ýarag ogurlmagyň jezasy ölümdir. Biz olaryň baryny atyp öldüreris.

Gökleň batyrlarynyň-da rus goşunlaryna ýük daşaýan düýeleri haýdap, olary alyp gaçyp, Skoblewiň goşunyna zarba urandygyny Grodokow ýörite nygtaýar. Ýomut atlylary-da ýarag daşaýan düýeleri ürküzmek bilen olaryň ýoluny kesipdirler. Bu barada Grodokow ýene şeýle ýazýar:

  • “Gylyç bilen urşda ýomutlar, tekelere kömek etdiler we ýarag daşaýan düýelerimizi haýdap, tekelere tarap sowdular. Tekeler hem ok-ýaragly düýeleri alyp, “Uşak” goýusyna tarap eňdiler.”

Ynha, görşümiz ýaly, Gökdepe urşunda, Türkmenler bir ten, bir jan bolup Watany gorapdyrlar. Bu faktlar elbetde dar düşünjeli tireparazlaryň gonjuna gor guýar welin, il, ýurt, watan birligini söýýänleriň buýsanjyna buýsanç goşar.

 

ARNE GOLI

Taryh ylymlaryň kandidati,

Türkmeni Öwreniş Merkeziň Müdüri

Sweden

23 janwar 2022 ý.

[1] TÜRKMEN ŞİİRİ ANTOLOJİSİ-Prof. Dr. Fikret TÜRKMEN- Prof. Dr. Gurbandurdı GELDİEV- Turksoy yayinlari Ankara 1995.

[2] Diwan Mesgingylyç. M.Gazy, M.Atagözli. Kümmetgowuz. 1384 ş. S. 111.

[3] Eýran şalarynyň agressiýasyna garşy Türkmenleriň göreşi. Sowet edebiýaty žurnaly. 10/1949

[4] Bu gymmatly eseriň şu mahala çenli Türkmençä terjime edilmäni özünden düşnükli bolsa gerek.

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

دکمه بازگشت به بالا
بستن