از خاطرات و تجربیات دیگرانتاریخیتورکمنستانمقالاتملی - اجتماعی

Nikolaý Ýomudskiý we “Türkmen aň-bilim öýi”

Türkmeni öwereni’ Merkezi- N.N.Ýomudskiýniň geçen asryň başlarynda Türkmen balalaryny hatly-sowtly etmek ugrundaky tagallalaryny ýatlap onuň bu ak niýetli işleriniň öňünde baş egýäris

Moskwada okamak üçin oglanlary ýygnamak asla aňsat däldi. Galyberse-de, çagalykdan türkmen çagalaryna: “Bir rus gördüňmi- gaç!”diýen nakyl ornaşypdy. Şol döwürde türkmen çagalaryny ateistlere we kapyrlara öwürmek üçin mekdepler açyldy diýen pikir bardy. Çagalar öýlerinden uzaga gitmändiler.

baryp 1924-nji ýylyň 7-nji awgustynda direktor—N.N.Ýomudskiý Moskwa gitdi. 1924-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky N2 resmi hat:

Türkmen halk bilim öýi.. Şol gün Karzinkinleriň öňki mülküne baryp, Türkmeniň bilim öýüniň rugsat açaryny aldym

N.N.Ýomutskiýniň

Türkmen balalarynyň ýokary bilim almakda bitiren hyzmatlaryna syn!

 

«Türkmen bilim öýüniň» döreýiş taryhy

«Türkmen bilim öýüniň» döreýiş taryhy

Sowet häkimiýetiniň ilkinji günlerinden başlap, şol wagt Russiýanyň bir bölegi bolan Türkmen respublikasy ruslardan, ukrainlerden, belaruslardan karz galla tohum alyp, oba hojalygy tehnikasy enjamlar we hünärli işgärler getirip başlady. Türkmenistan respublikasyny ösdürmäge ukyply espesialistler gerekdi. O ýyllar gaty kyn ýyllardy. Basmaçi sebäpli dörän talaňçylyk, ot bermeler, weýran etmeler, ykdysadyýeti hasam tozdurypdy. Ýöne şol döwürde respublikada ajaýyp ykbaly bolan bir adam bardy – Olam Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskiý. Onuň Kakasy Kiýat han, Ýomud taýpasynyň bir böleginiň baştutanydy.

baryp1917-nji ýylyň oktýabr aýynda patyşa goşunynyň polkownigi N.Ýomudskiý rewolýusiýanyň tarapyna geçýär. Ol elmydama halkyň aň-biliminiň hem durmuşynyň ösmegini maksat edinýärdi. Ol ýaş respublikanyň ýakyn wagtda sowatly adamlara mätäç boljakdygyna ynanýardy. Türkmen çagalary üçin gysga wagtda bilim merkezini döretmek isledi, ýöne respublikadaky ýagdaý gaty kyndy we mümkinçilik hem ýokdy. Soňra: bilim bermek üçin bir topar oglany daşary ýurda alyp gitmek diýen pikir onda döredi. 1924-nji ýylyň ýazynda Nikolaý Nikolaýewiç, Sowet lideri Ý. Staline bu teklibi mälim etmek üçin Moskwa gitdi. Ýöne Stalin bu soragy has ýönekeý çözdi: “näme üçin daşary ýurda gitmeli? Moskwanyň golaýynda “Serebryany Borda” diýen ýerde Karzinkinleriň öňki mülküni size taparys” diýdi … (Türkmenistandn pagta söwdasyny edenligi üçin Ýomudskiý, Karzinkini tanaýardy)— Ýomudskiý şol bilim öýüniň direktorlygyna bellenýär— Ine, arhiw dokumentden:

«Туркменский Народный Дом просвещения. Приказ N1. Согласно постановлению ПредТУРЦИКа, распоряжением Наркомпроса Туркменреспублики от 1 августа 1924 года я назначен заведующим Народным Домом просвещения. Н. Н. Йомудский».

“Türkmen halk bilim öýi. N1 sargyt Predturtsikiň kararyna görä, 1924-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmen Respublikasynyň Halk bilim komissarlygynyň buýrugy bilen meni Halk bilim öýüniň başlygy edip bellediler. N. N. Ýomudskiý”.

Moskwada okamak üçin oglanlary ýygnamak asla aňsat däldi. Galyberse-de, çagalykdan türkmen çagalaryna: “Bir rus gördüňmi- gaç!”diýen nakyl ornaşypdy. Şol döwürde türkmen çagalaryny ateistlere we kapyrlara öwürmek üçin mekdepler açyldy diýen pikir bardy. Çagalar öýlerinden uzaga gitmändiler.

1924-nji ýylyň 7-nji awgustynda direktor—N.N.Ýomudskiý Moskwa gitdi. 1924-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky N2 resmi hat:

“Türkmen halk bilim öýi.. Şol gün Karzinkinleriň öňki mülküne baryp, Türkmeniň bilim öýüniň rugsat açaryny aldym”.

 

Ilkinji gelen topardan 8-si, 10 bilen 18 ýaş aralygyndaky oglanlardy, ýöne olaryň hemmesi diýen ýaly N.N.Yomudskiniň ata mekany Çeleken şäherindendi. Ol ýerdäki adamlar Nikolaý Nikolaýewiçi tanaýardy şoňa garamazdan Ýomudskiý, çagalaryny Moskwa okamaga ibermäge atalaryny yrmagy gaty kynçylyk bilen başardy. Olaryň köpüsi köp maşgalaly ýa-da ýetim çagalardy. Jemi 200 töweregi ýigit ýygnandy.

Türkmen bilim öýi mekdebinde dört klas bardy. Ilkinji iki (kiçi) hersinde 35 okuwçy, ulularynda 15-20 okuwçy bardy. Gelen ýigitler 47 otagly we oňaýsyz binalary bolan öňki iki gatly ägirt uly jaýda ýerleşdirildi. Birinji gatda klas otaglary, müdir, mugallym otagy, aşhana we naharhana bardy. Ikinji gatda okuwçylaryň ýatylýan otaglary, kitaphanasy, okalýan otag we lukmanlar otagy bardy. N. N. Ýomudskiý ilkibaşda ýigitlere gaty kyn boljakdygyny bilýärdi. Olar üçin hemme zat nätanyş, üýtgeşik, täze we käte gorkunçdy – tebigat, ýaşaýyş jaýy, iýmit we geýim. “Adaty bolmadyk iýmit, hammam, sabyn, düşek ýorgan” diýip, akademik Sary Karanow ýatlady: “ruhy taýdan üýtgemegimize fizik we geografiýa sapaklarynda dünýäniň gurluşy bilen tanyşlygy aňlatmak sebäp boldy. Mugallymlar täze açyşlar etmäge synanyşýardylar…”. Ilkibada oba adamlary bilen gatnaşyklar gaty kyndy. Galyberse-de, prawoslaw kilisesiniň propagandasy—musulman-hiristian jedeli… obalylaryň arasynda nägileligiň döremegine sebäp boldy. Mekdebe hüjümler edildi… GPU-nyň atly topary buýruk getiren Moskwadan kowuldy. Ýomudskiý şol wagt ýokdy, ýöne gaýdyp gelip, parahatçylygy dikeltmegi başardy. Soň bolsa kem-kemden hemme zat gowulaşdy, tanyş we düşnükli boldy.

Ýazly Mamedow şeýle ýatlady: “Mekdepde bizi uzak wagtlap ýakjak boldular, kim Allaha ynanmasa, duşman, esasanam ruslara duşman diýýärdiler. Üstesine okuçylaryň arasynda-da parahat ýokdy? Gelenimizden kän wagt geçmänkä tekeler bilen Horezmileriň arasynda urş başlandy. Direktor ony çalt söndürdi. Iki günden soň, onuň ýok ýerinde Mary etrabyndan ýaňy gelen çagalar Aşgabatlylar bilen jedelleşdi, Marydan gelen 12 sany kiçijik türkmen çaga gorkup gaçdy. Ýzyna getirdiler, bu soňky çaknyşyklardy. Kommunadaky ýaşaýyş durmuşymyz tire-taýpa dawalaryna ýer galdyrmady. Galyberse-de, indi biziň aladamyz esasan ruslar bilen gatnaşmakdy. N.N.Ýomudskiý Türkmen bolsada, ýerli musulmanlara az meňzeýärdi. Türkmenler tiz wagtdan obalylar bilen dostlaşdylar. Bilelikde kömelek we miwe ýygnamak üçin tokaýa gitdik, bile okadyk, kitap okadyk, woleýbol oýnadyk. Şeýle hem kroket meýdançasy üçin niýetlenen ýer galypdy. N. N. Ýomudskiý ybadathana üçin uly zaly ajaýyp suratlar bilen boýatdyrdy. Bu uly zal biziň üçin klub bolup hyzmat etdi, leksiýalar, ýygnaklar geçirildi we bu ýerde teatr oýnaldy”.

Mekdepde bilimiň ähli prosesi A.S. Makarenkonyň ýörelgelerine esaslandy we kem-kemden dostluk topary döredildi, bu ýerde esasy düzgün dostuňyza hormat goýulmakdy. Adama, heniz çaga hem bolsa-da, maşgalasy ýa-da taýpasy tarapyndan däl-de, eýsem iş, nädip okaýandygy we nädip hereket etmelidigi bilen baha berilýärdi. Edilmeli köp zat bardy. Türkmen bilim öýüniň öz elektrik stansiýasy bardy, bu ýerde esasy elektrikçiden başga-da okuçylar hem işleýärdi. Köpler bagda, alma bagynda, öz duralgasynda işlediler, atlary dolandyrýardylar, hammamy arassalaýardylar, aşhanadaky aşpezlere kömek edýärdiler. Direktoryň ogly “Garaş Nikolaýewiç Ýomudskiý mekdep howlusynda guýy burawlandy we Devon hek daşlaryndan ajaýyp suw içildi. Gelen ýigitler dürli girdejili maşgalalardandy, käbirleriniň öz puly bardy, ýöne kömege garaşýan ýetimler hem bardy. Soň bolsa mekdebiň müdiriniň teklibi bilen Ait Niýazow (geljekki akademik-himik) ýetimleriň zähmet toparyny gurady. Topar mekdep we onuň töweregini arassalamak, odun taýýarlamak, bagda işlemek we ş.m. üçin dürli tabşyryklary ýerine ýetirýärdi. Bularyň hemmesine hak tölenýardi. “Mekdep okuwçylaryna maddy goldaw gowy guraldy. Geýindik, aýakgap geýdik: gyşda – ýyly palto, köýnek, aýakgap, sütükli şlýapalar(gulakjyn—AG) we ş.m diýp Ait Niýazowiç Niýazow ýatlaýar. Bizi gaty gowy iýmitlendirdiler, esasanam öz gök önümlerimiz we miwelerimiz bar”. Mekdepde tegelekler—gramplastinklar bardy: aýdym-saz, hor. Balaika, mandolin, gitara çaldylar. Ynkylap aýdymlaryny öwrendiler we aýdym aýtdylar, rus we sowet şahyrlarynyň goşgularyny okadylar, her dürli gezelenç we ylmy gezelenç guradylar. Oba adamlary bilen bilelikde klubda teatr oýnadylar, tanslar guradylar, kömelek we miweler üçin tokaýa gitdiler, bilelikde kitap okaýardylar we öwrenýärdiler, käte kyn durmuşynda obanyň ýaşaýjylaryna kömek edýärdiler.

Direktor Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskiý ömrüniň soňky günlerine çenli mugallymlary— rus edebiýatynyň mugallymy G.M. Feldman, taryh mugallymy W.A Emelýanowa we başgalary we okuçylary ýatlaýardy diýip N.N.Yomudskiýniň gyzy Deste-Gül Taýçanhanowa uly mähir bilen aýtdy.

Mugallymlar çagalary kyn geljek durmuşa, döredijilik işe we bellenen işe biperwaý garamazlyk üçin taýýarladylar. …

1929-njy ýylda garaşylmadyk ýagdaýda boldy.

1929-njy ýylyň 12-nji fewralynda, agşamlyk naharyndan soň hemmeler boş we rahat burçlara dargadylar, tüsse ysy … Ot ullakan binanyň köp otaglaryny gurşap aldy. Jaýyň ähli ýaşaýjylary, oba adamlary ylgap geldiler. Elindäki serişdeler ýetmezçilik edýärdi, gahar bilen hiç zat edip bilmediler we Moskwadan ýangyn söndürijilere garaşmadylar. Okuwçylar Aşgabat şäherine ewakuasiýa edildi, üçünji klas okuwçylar iýun aýyna çenli okadylar soňra käbiri Aşgabat, käbiri Daşkende iberildi.

1929-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmen SSR-yň Bilim boýunça Halk Komissarlygynyň täze karary jar edidi. Onda şeýle diýýilýär:

“Moskwanyň golaýyndaky aň-bilim öýünde Halk bilim komissarlygynyň kollejiniň ozalky kararyny ýatyrmak bilen, Moskwanyň golaýyndaky aň-bilim öýi bir topar türkmen işçiler fakultetine üýtgedildi”.

Türkmen aň-bilim öýi ýapylansoň, oba birneme asuda boldy, ýöne türkmen işçiler fakulteti galyp, dostluk saklandy. Wagt geçdi. Kämillik ýaşyna ýeten Türkmen aň-bilim öýüniň okuwçylary okuwlaryny ýurduň dürli uniwersitetlerinde dowam etdirdi. Yazly Mamedow epidemiolog boldy, Ankar Taýliwiç Taýliýew köp ýyllap Türkmenistanda ýollar gurup, Awtoulag transport ministrligine ýolbaşçylyk etdi, Sary Karanow ilkinji oftalmolog—göz doktory bolup, Ordinaryönekeý lukmandan lukmançylyk akademikine geçip, müňlerçe watandaşy trahoma we glaukomadan- körlükden halas etdi. “Dompros”yň müdiriniň ogly, Garaş (Karaş) Nikolaýewiç Ýomudskiý hidrogeologik engineeri-geologiýa we suw dolandyryş gözleglerinde möhüm rol oýnan ilkinji Türkmen geologydyr. Türkmenistanda ilkinji akademik-filosof, öňki ýetim çaga Geldi Orazowiç Çaryýew we Muzafar Maýedowiç Daneşwar milli suratkeş Türkmen SSR-iň abraýly sungat işgäri boldy. Himiýa Domprosda wagty Ait Niýazowiç Niýazow meşhur himiýa alymy boldy. Akademik Niýazow ylmy işgärleri taýýarlamak üçin köp tagalla etdi.

Çeşme:

https://nashenasledie.livejournal.com/4693699.html

Makalany rusçadan Türkmençä öwren we suratlar bilen bezän,

Taryh ylymlaryň kandidaty, Türkmenis öwreniş merkeziň müdüri

ARNE GOLI

Sweden. 26.12.2020

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

پاسخی بگذارید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *

دکمه بازگشت به بالا
بستن