از خاطرات و تجربیات دیگران

Merhum Dr. Muhammetgylyç Noberini ýatlap

16.12.1934-nji ýylda Türkmensähranyñ Kümüşdefe obasynda söwdagär bir Türkmen masgalada dünýa gelýâr. Dört ýaşyndaka dädesi (Söýünjaly hajy) Kümüşdefeden Gonbed Gabusa göçýär.


 Ýedi ýaşan wagty ejesi (Keýik) aradan çykan Kylyç, başlangyç mektebi bu şäherde we orta mektebi-de paýtagtyn Merwi mekdebinde gutarandan soňra, öz dogduk mekany bolan Kümüşdefede mugallym bolup işe başlaýar (1955). 1957-nji ýyldan 1964-nji ýyla çenli Gonbed-Gabusda, 1964-nji ýyldan 1968-nji ýyla çenli-de Tahranda işleýär. 1959-nji ýylda Gürgen şäherinde Mugallymçylyk Ýokary Mektebini, 1963-nji ýylda Kimýa we 1968-nji ýylda Biýoloji Ýokary Mekteplerini gaýybana gutarýar. 1968-nji ýylyň 23-nji Julýynda-da aýaly, iki ogly we bir gyzy bilen Türkiýâ göçüp gaýdýar. Türkmen gyz-oglanlaryny Türkiýa okuwa ýollamak ugrunda işe girişip, 1964-nji ýylda 15  sany Türkmen gyzyny Türkiýä ugradan we öz şol mukaddes işini soňraky ýyllarda-da dowam etdiren Iran Türkmenleriniň Medeni Serdary, edermen adam Dr. Ahmed Garadaglynyň ýanynda bolup, onuň haýyrly işlerine öz goşandyny goşan Mehmet Kylyç, Türkiýede Türkmen gyz oglanlarynyň okuw işleri bilen gyzyklanyp özi-de Ankara Üniwersitesiniň Tip Fakültesiniň synaglaryny gazanyp şol fakültede okuwa başlaýar.(1968) Okuwynyñ soñky synagyndan geçmegine 6 aý galanda, 1975-nji ýylyñ 9-njy Julýnda Irana görme-görşe giden mahaly, elinden pasaporty alnyp, Pehlewiniň ýaşryn polisi-SAWAK tarafyndan Türkmen milletçiligini ýaýmak günäsi ýöñkelip, soraga çekilip başlanýar we şol ýylyn 13-nji Septemberinde Tahranyn Ewin tussaghanasyna salynýar. 1976-nji ýylyn 23-nji Oktoberine çenli ol ýerde saklanýar we dürli şekillerde gynalyp azar berilenden soňra Tahranyň meşhur Gasry Gajar türmesine äkidiýär. Şondan soňra bir tutulyp bir çykarylyp gün baryny gören Mehmet Kylyja Türkiýedäki öz maşgalasynyň ýanyna gaýtmagyna hem rugsat edilmeýär. Ahyrsoñy 1978-nji ýylyñ 8-nji Septemberinde günbatar Azerbaýjanyñ daglaryndan geçip Türkiýä gelýär we okuwyna gaýta başlap ony 1982-nji ýylyñ 17-nji Februarynda gutaryp doktorlyk diplomyny alýar. Şol ýylyn 25-nji Awgustynda Türkiýäniň Adalat wezirliginiň Istanbulda ýerleşýân Adli Tip Merkezinde asistan bolup akademik işe başlaýar. 1985-nji ýylyn Awgustynda şol ylmy merkeziň uzmanlyk synagyndan üstünlik bilen geçýär we şol ýylyň 12-nji Septemberinden tä 1995-nji ýylyñ 1-nji Julýyna çenli-de Almanýada hususi bir firmada işleýär. Dr.Mehmet Kylyç şeýle kynçylyklar bilen-de, öz gyzy we ogullaryny okutmaklygy başarýar. Olaryn her biri, bir ugurda uzman doktor bolup häzir Türkiýede işläp ýörler.

Ýatlamany taýýarlan:

A.Goli

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

پاسخی بگذارید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *

دکمه بازگشت به بالا
بستن