اخبار ویژهتورکمن صحرا

Kapyr hemmeleri öz dininden saýýar! Ýa-da Yklymowyň töhmetine jogap

Halkasy sesi” atly “YouTube” kanalynda 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda iki sany türkmen raýaty; özlerini “oppozisiýa liderleri” hasaplaýan Halmyrat Suýonow we Sapar Yklymow, Sowet döwründe Türkmenistana geçen we ol ýerden Ýewropa iberilen ähli eýranly we owgan türkmenlerini KGB-niň hyzmatkärleri  we bu Gullugyňniň içallary diýip samradylar.
Bu aýyplama Sapar Yklymow tarapyndan ara atyldy. Bu adam, öz geçmişine seretmezden, “oba hojalygy ministriniň” orunbasary döwründe utançly geçmişini görmezden, şerraýylyk bilen bize hapa atýar. Aýdylyşy ýaly, “kapyr hemmeleri öz dininden saýýar!

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda Sapar Yklimow Türkmenistanyň Oba hojalygy ministriniň 12 sany orunbasaryndan biridi – Oba hojalygy ministri onuň dogany Ymambardi Iklymowdy. Şol döwürde Orsýetden miwe we gökönüm import etmek bahanasy bilen döwlet býudjetinden ýarym million dollar pul alyp soňra Istanbula geçyp atdy. Türkmenistanyň islegi boýunça Sapar Yklymow Istanbulda tussag edilýär we türmä basylýar. Tutulan ilkinji günlerinden başlap, özüni režimiň garşydaşy hökmünde görkezdi, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlik geçirdi we şeýlelik bilen “oppozisýa” diýdirmek üçin gowy bahana tapdy. Netijede, Şwesiýanyň hökümeti oňa hemişelik baş pena berdi berdi. Häzirki wagtda Yklymow Şwesiýada ýaşaýar.

Sapar Yklymowyň jenaýat işi Türkmenistanda henizem açyk we ýurda gaýdyp barsa jogapkärçilige çekiljek.

Soňky döwürde onuň alyp barýan syýasy işleri bilen biziň hiç hili dahylymyz ýok, onuň haýsy kriteriýalara, syýasy gatnaşyklara we kimlere degişlidigi bilen gyzyklanmaýarys – hatda aýdylşyna görä Türkmenistanyň içinden “syýasy taýdan” şübhe edilýänler bilenem gatnaşy-da bizi gyzyklandyrmaýar, asla bu mesele bize degişliem däl, ýöne onuň Türkmensäharly syýasy immigrantlaryna atan töhmetiniň sebäbi, biziň pikirimizçe, Kanadadaky Türkmensäharly immigrantlaryndan biriniň Berdimuhamedowyň hökümetine garşy alyp barýan syýasy aktiwitetleri, Yklymow we onuň şäriklerini bi_ynjalyk eden bolmaly we ol ýaşlary özüne bäsdeş, garşydaş hasaplaýan bolmaly.

Emma, Yklymowyň Türkmensähraly syýasy emigrantlary KGB-niň içalyçysy diýip aýyplamasy  Eýran Yslam režimene-de edilýän bir gulluk, bir hyzmatdyr. Tahran, bu türkmen immigrantlaryny içaly we dönük diýip yglan eden Türkmenistanly bir resminiň sözüni tutaryk edip, gaýtaden olara ýa-da olaryň içerdäki dogan-garyndaşlaryna howp abandyryp biler ýa-da käbirlerini Eýrana görüm-görüşe gidýänlerini: “ynha gowy” bahana” diýip türmä basyp jezalandyrylyp biler.

Bu, Sapar Yklymowyň Yslam respublikasyna eden hyzmatydyr.

   Sapar Yklymow: “KGB tarapyndan Ýewropa iberilen bular [türkmen immigrantlary] kime hyzmat edýändiklerini bilenoklar”…. başga ýerlerde bolsa: “olar diňe Türkmenistandaky KGB,  däl, eýsem Orsýete-de hyzmat edýärler..” diýip samraýar.

Eýranyň zalym režiminiň ganly penjesinden gutulan bu çäresiz immigrantlar, Sowet aňtaw gullugyna-KGB-sine haýsy işiýonlygy- informasiýany bersin? Immigrantleriň wekilleri, Türkmenistanyň resmileri, Gyzyl ýarym aý komiteti… bilen hyzmatdaşlyk edip bärden baran bosgunlara, okuw we ýaşaýyş jaýy ýa-da dabaraly günler geçirmek üçin zal almakdan başga haýsy içalylygy edipdirler… Yklymoz hany subutnamaň… hany deliliň…?

Halmyrat Söýünow kim?

Sowet Goşuny Owganystany basyp alanda Owganystanda harby gulluk bilen ol ýurda baran H.Söýünow istär istemez elinde bigünä adamlaryň ganyna, şol sanda türkmenlereiň gany bardyr. Söýunow Sowet döwründe Owganystana mejbury ýagdaýda iberilen bolsa, onda näme üçin Sowet Soýuzy dargansoňam we Gyzylarbat sebitinden parlament deputat bellenen döwründe: “Men Owganys” diýip heşelle kakýardy, oňa näme diýjek?

Söýünow, şeýle hem, türkmen aýal-gyzlarynyň namysyna göz dikmekde gaty tejeribelidir. Ol, Gyzylarbat welaýat häkiminiň orunbasary bolup işlän döwründe, häkimlikden işleýän bir geliniň namysyna degende, onuň adamsy aw tüpeňi bilen Söýünowy atýar, ol ölmän galyp, Moskwa gaçýp atýar we özüni Nizowyň režimine oppozisiýada duran diýip görkezýar we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň ýardamy bilen Şwetsiýa geçirilýär. Bu adamyň hatta öz maşgalasy hakda ýaýran namys gürrüňi agzmaga dillim barmaýar.

Indi, şeýle ogry hem ahlagy bozuk adamlaryň bi_haýalyk bilen “KGB-niň içalylary” diýip bize töhmet atmaklarynyň näderejede dereksizdigine göz ýetirlen bolsa gerek.

Yklymowyň utançsyzlyk bilen atan töhmetini berek ýazgarýarys.

Türkmeni Öwreniş merkezi

Şwesiýa 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabry

Şu ýerde ol samra widonyň linkini getirýäris. 24- minutdan soňrasynda töhmetler başlanýar.

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

پاسخی بگذارید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *

دکمه بازگشت به بالا
بستن