
ÝAZYJY HYDYR DERÝAÝEW HAKDA: Edebiýaty gülleden dilçi
Türkmen edebiýatynyň ussady Hydyr Derýaýewiň biziň aramyzdan gidenine indi birnäçe ýyl bolupdyr. 1937-nji ýylda 32 ýaşly Hydyr Derýaýew üçlügiň karary-harby sud-bilen «halk duşmany» diýlip yglan edildi hem-de 10 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Ol öz mähriban şäheri Aşgabada diňe 50-nji ýyllarda gaýdyp gelipdi
Türkmen edebiyatynyň ösmegine uly goşant goşan halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy, ilkinji Türkmen dilçileriniň biri Hydyr Deryaýewdir. Halk arasynda, esasan, ýazyjy hökmünde tanalsa-da, Hydyr Deryaýewiň Türkmen dil bilimini ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary-da örän uludyr. Ildeşlerimiziň arasynda ilkinji dosent bolan H.Deryaýew Türkmen diliniň dürli ugurlaryna degişli birnäçe ylmy işleriň awtorydyr. Yazyjy hökmünde ol ene dilimiziň uç-gyraksyz söz baylygyny eserleriniň üsti bilen halkymyzyň aňyna hemişelik guymagy başardy.
1905-nji ýylda Mary etrabynyň Egri_güzer obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Hydyr Deryaýew 1920-nji ýylda Marydaky internata okuwa girýär. Ol ýerden geljekki alymy Aşgabatdaky orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Magaryf institutyna geçirýärler. Kän wagt geçmän, ol institut Daşkende göçürilýär. 1926-njy ýylda orta bilimli mugallym diplomyny alan H.Deryaýewi institutda mugallym edip alyp galýarlar. H.Deryaýew Daşkentdäki Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetinde okap ýörkä, 1930-njy ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň dil boýunça Birinji konferensiýasynyň işi-ylmyne Özbegistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň wekili hökmünde gatnaşýar. Türkmen diliniň elipbiy, orfografiya, punktuasiya meselelerini işlemekde, mekdepleri okuw kitaplary bilen üpjün etmekde, türkmen diliniň taryhy bilen baglanyşykly derňewleri geçirmekde işjenlik görkezýär. Ol ilkinji türkmen dilçileriniň biri hökmünde 1936-njy ýylyň may aýynda geçirilen Birinji lingwistik gurultaya taýýarlyk işlerine gatnaşyp, bay materiallaryň toplanmagyna kömek edýär. Gurultaya Hojamyrat Baylyýew bilen «Türkmen dilinin orfografiyasy hakynda» diýen makalasyny taýýarlaýar.
Alym her bir halkyň edebi diliniň kemala gelmegi üçin onuň ykdysady, syýasy taýdan ösen, kämil döwletiniň bolmagynyň wajypdygy baradaky pikiri öz işlerinde öňe sürüpdir. Kämil döwletli halkyň kämil edebi diliniň kemala gelendigini delillendirmek üçin, ol Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Seydiniň, Zeliliniň, Şeydaýynyň, Talybynyň, Mätäjiniň döredijilik mirasyna ýüzlenýär. Dil bilimindäki, edebiýatdaky üstünlikli ädimlerinde-de halk döredijiligini, dilimiziň baýlygyny giňden peýdalanmagy başarýar. Bu bolsa türkmen diliniň taryhyna hormat bilen garamagyň wajypdygy baradaky düşünjäni ylym adamlarynyň aňynda ymykly ornaşdyrypdyr. Türkmen dili boýunça okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýän döwürleri alymyň ylmy işleriniň ähmiyeti uly bolýar. Bu günki gün Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde ussadyň türkmen diliniň sintaksisi we punktuasiýasy, atlar, sypatlar, sanlar, çalyşmalar, modal sözler we hallar bilen baglanyşykly ylmy makalalarynyň elýazma nusgalary saklanylýar.
Hydyr Deryaýewiň ylmy işleriniň üstünliklere beslenmegini onuň edebiyatdaky şowly gadamlary bilen baglanyşdyrjagyňy-da, tersine, onuň edebiyatdaky ussatlygyny dil bilimindäki geçen ýollarynyň miwesi hökmünde baha berjegini-de biler ýaly däl. Munuň özi halypanyň dil biliminde-de, döredijilikde-de aňrybaş ussat bolanlygynyň kepilidir. Şonuň üçin-de ýazyjynyň «Ykbal», «Harasat», «Mähir uçgunlary», «Amyderýa», «Arzuw», «Mukaddes ojak» ýaly ululy-kiçili çeper eserleri häzirki günlerde-de okyjylaryň söýgüsine mynasypdyr.
Ybraýym ATAYEW,
Hydyr Deryaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
******
Türkmen edebiýatynyň ussady Hydyr Derýaýewiň biziň aramyzdan gidenine indi birnäçe ýyl bolupdyr. 1937-nji ýylda 32 ýaşly Hydyr Derýaýew üçlügiň karary-harby sud-bilen «halk duşmany» diýlip yglan edildi hem-de 10 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Ol öz mähriban şäheri Aşgabada diňe 50-nji ýyllarda gaýdyp gelipdi.
A.Goli
Türkmenleriň taryhy. Tom III.
Sweden. 2021