ادبیاتاز خاطرات و تجربیات دیگرانتورکمن صحراتورکمنستانحقوق بشرسیاسیسیاسی - ملی

Molla Bawak: Bosgunlygyň ajy günleri, goşgy

Bosgunlygyň ajy günlerini hem-de Türkmenistandaky bolşewik düzgüniniň hakyky keşbini suratlandyrýan bu ýangynly goşgy setirler Marynyň “Telman” obasynda 1885-njy ýyllar töwereginde dünýä inen “Gurban ogly Molla Bawak” (Molla Bäbek) diýen bir ýigide degişli. Ol “ak patyşanyň” döwründen tä bolşewikler ynkylaby ýeňiş gazanýança Marynyň uly söwdigärlerinden biri bolup ýetişýär, “Taýmaz” obasynyň arçyny bolýar, ol din ugrundanam ylym alan adam bolupdyr. 1926-njy ýyllardardaky “ýer-suw reforma” döwründe ýeri elinden alynýar, soňra ol “Bagşy” diýen oba göçmäge mejbur bolýar. 1935-nji ýyllaryň tuha-tutlygynda, “Mowlam Tat” we Allaberdu diýen haramzadalarnyň şugulçylygy bilen tussag edilip Staliniň ganly repressiýana duçar bolup ençeme ýyllap Marynyň hem Aşgabadyň türmelerinde oturýar. Bir ýol bilen türmeden gaçyp atan Molla Bawak, Eýrana aşýar we Güllydagyň töwereginde “Inçe” hem “Emmend”de ýaşaýar we1942-nji ýyllarda aradan çykýar. Mazary “Jeren suw” diýen ýerde. Bu maglumaty onuň agtygy Abdul Azat’dan aldyk.

Molla Bäbek bosgun-doly

بوُسغونلئغئنگ آجئ گونلرینی هم-ده تورکمنیستانداقئ بوُلشویک دوزگونی‌نینگ حاقئقئ کشبینی صوراتلاندئریان بو یانغئنلئ غوُشغئ سطیرلر مارئ‌نئنگ «تلمانTelman» اوُباسئندا 1885-نجئ یئللار تؤوِرگی دۆنیأ اینن “قوربان اوغلئ موُللا باواق (موُللا بأبِک) دیین بیر ییگیده دگیشلی. اوُل “آق پاتئشانئنگ” دؤوریندن تأ بوُلشویکلِر انقلابئ ینگیش غازانیانچا مارئ‌نئنگ اولئ سؤودیگأرلریندن بیری بوُلوپ یتیشیأر، “تایماز” اوُباسئ‌نئنگ آرچئنئ بوُلیار، اوُل دین اوغروندانام عئلئم آلان آدام بوُلوپدئر. 1926-نجئ یئللارداقئ “یر-سوو رفوُرما” دؤورۆنده یری الیندِن آلئنیار، سوُنگرا اول “باغشئ” اوُباسئنا  گؤچمأنه مجبور بوُلیار. 1935-نجی یئللارئنگ توتحا-توتلئغئندا، “موُولام تات” دیین بیر حارامزادانئنگ شوغولچئلئغئ بیلن توسساغ ادیلیپ استالینینگ غانلئ رپره‌سسیاسئنا دوچار بوُلوپ انچِمه یئللاپ مارئ‌نئنگ هم آشغابادئنگ تورمه‌لرینده اوُتوریار. بیر یوُل بیلن تورمه‌دن غاچئپ آتان موُللا باواق، ایرانا آشیار و “گۆللی_داغئنگ” تؤوه‌رگینده “اینچه” هم “اممند”ده یاشایار و 1942-نجی یئللاردا آرادان چئقیار. مازارئ “جرن سوو” دیین یرده. بو ماغلوماتئ اوُنونگ آغتئغئ “عبدل آزاد”دان آلدئق.

Goşgyň doly gornüşi pdf

Molla Bäbek bosgun-doly

آ.گلی

تۆرکمنی اؤورنیش مرکزینگ مدیری

سوئد. 29-نجی آگوست 2021

برچسب ها

نمایش بیشتر

نوشته های مشابه

دکمه بازگشت به بالا
بستن