
-آتا قووشودوف حاقدا کلام آغئز! Türkmen kalbynyň suratkeşi
Ata Gowşudow hakda kelam agyz
Ata Gowşudowyň türkmen teatr sungatynyň ösmegine goşandy hem uludyr. Ol halk çeperçilik tehnikumyna, soňra teatral studiýasyna ýolbaşçylyk eden döwürlerinde halkymyzyň bütin taryhynda ilkinji gezek milli teatryň döremeginde, ýerli ýaşlardan Bazar Amanow, Gulluk Hojaýew, Gylyç Berdiýew ýaly ilhalar artistleri ýetişdirmekde uly işleri bitiripdir
Näme üçindir görnükli ýazyjymyz Ata Gowşudowyň ady agzalanda, ilki bilen, ýüzin salyp barýan Dordepel gözümiň öňünde janlanýar. Megerem, ol eseriň orta mekdepde okaýarkak kalbymyza hemişelik siňenindendir. Ýazyjy eserlerinde gamyşgulak ahalteke atynyň keşbini ussatlyk bilen döretmegi başarypdyr.
Döredijiliginde türkmen dünýäsini şirinlik bilen açyp, edebiýatymyzyň altyn hazynasyny dürdäne eserleri bilen baýlaşdyran, şu ýyl doglan gününe 120 ýyl dolýan Ata Gowşudow 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Kakasy Gowşut Baýly ogly ömrüniň ahyryna çenli daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Çagalykdan ejesi Ogulgerek ejäniň rowaýatlarydyr ertekilerini, dessanlaryny… diňläp ulalmagy onda halk döredijiligine, çeper edebiýata söýgini döredýär. Oba mekdebini, mugallymçylyk kursuny tamamlap, sowet partiýa mekdebinde okap ýören döwürleri ol ilkinji pýesasyny ýazýar. 1922-nji ýyldan Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okuwa girmegi bilen dünýä edebiýatyna içgin aralaşyp ugraýar.
Ata Gowşudow 1925-nji ýylda neşir edilip başlanan «Ýaş kommunist» gazetiniň ilkinji redaktory bolýar. 1927 — 1933- nji ýyllar aralygynda Magaryf işlerinde, 1933-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde işleýär. Şol döwürler onuň birnäçe hekaýalary okyjylara ýetirilýär. Türkmen döwlet ylmy derňew dil we edebiýat institutynda işlän döwürleri ol halk döredijiligini toplamak bilen meşgullanýar.
Ata Gowşudow «Görogly» eposyny toplap, köpçülikleýin nusgada ilkinji gezek halka ýetiren ýazyjydyr. Onuň işjeň gatnaşmagynda «Türkmen halk ertekileri», «Aýal-gyzlaryň aýdymlary we läleleri» ýaly ýygyndylar neşir edilýär. Türkmen edebiýatyna ilkinjileriň biri bolup roman žanryny girizen Ata Gowşudow öz eserlerinde halk hazynasy bolan rowaýatlardyr meňzetmeleri, deňeşdirmeleri, nakyllary ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyr. Onuň dürli ýyllarda döreden «Perman», «Mähri-Wepa», «Köpetdagyň eteginde» romanlary, «Dordepel», «Watan ogly» powestleri, «Gandym awçynyň maşgalasy», «Azaşan yzyny tapdy», «Iň soňky arçyn», «Gajar aga» ýaly hekaýalary okyjylaryň ýüreginden hemişelik orun aldy. Ýazyjynyň «Perman» romanynyň ilkinji bölümleri 1939 — 1940-njy ýyllarda «’Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum» žurnaly) žurnalynda çap edilýär. Ýöne Beýik Watançylyk urşundan soň tamamlan romanynyň kitap görnüşinde neşir edilenini görmek ýazyja miýesser etmeýär. Roman 1989-njy ýylda neşir edilýär.
Ata Gowşudowyň türkmen teatr sungatynyň ösmegine goşandy hem uludyr. Ol halk çeperçilik tehnikumyna, soňra teatral studiýasyna ýolbaşçylyk eden döwürlerinde halkymyzyň bütin taryhynda ilkinji gezek milli teatryň döremeginde, ýerli ýaşlardan Bazar Amanow, Gulluk Hojaýew, Gylyç Berdiýew ýaly ilhalar artistleri ýetişdirmekde uly işleri bitiripdir.
Watana, ene topraga, il-güne söýgä ýugrulan eserleri ýadygär galdyran ussat ýazyjy Ata Gowşudow 1953-nji ýylyň 15-nji noýabrynda dünýäden ötýär.
Jamal NYÝAZMYRADOWA
TYA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň Bibliografiýa ylmy-barlag bölüminiň esasy kitaphanaçysy
Edebiýat we Sungat gazeti. 2023- nji ýylyň 28-nji apreli, anna
نأمه اۆچیندیر گؤرنۆکلی یازئجئمئز آتا غوُوشودوُوئنگ آدئ آغزالاندا، ایلکی بیلن، یۆزین سالئپ باریان دوُردپل گؤزۆمینگ اؤنگۆنده جانلانیار. مگرم، اوُل اثرینگ اوُرتا مکدپده اوُقایارقاق قالبئمئزا همیشهلیک سینگنیندهندیر. یازئجئ اثرلرینده غامئشغولاق آخال تکه آتئنئنگ کشبینی اوسساتلئق بیلن دؤرتمگی باشارئپدئر.
دؤردیجیلیگینده تۆرکمن دۆنیأسینی شیرینلیک بیلن آچئپ، ادبیاتئمئزئنگ آلتئن حازئناسئنئ دۆردأنه اثرلری بیلن بایلاشدئران، شو یئل دوغلان گۆنۆنه 120 یئل دوُلیان آتا غوُوشودوُو 1903-نجی یئلدا آشغابات شأحرینینگ غوُلایئنداقئ بۆزمیین اوُباسئندا انهدن دوغولیار. قاقاسئ غوُوشوت بایلئ اوغلئ عؤمرۆنینگ اخئرئنا چنلی دایحانچئلئق بیلن مشغوللانئپدئر. چاغالئقدان اجهسی اوغولگرک اجأنینگ روُوایاتلارئدئر ارتکیلرینی، دسسانلارئنئ… دینگلأپ اولالماغئ اوُندا حالق دؤردیجیلیگینه، چپر ادبیاتا سؤیگینی دؤردیأر. اوُبا مکدبینی، موغاللئمچئلئق کورسونئ تاماملاپ، سوُوت پارتیا مکدبینده اوُقاپ یؤرن دؤوۆرلری اوُل ایلکینجی پیساسئنئ یازیار. 1922-نجی یئلدان موُسکواداقئ گۆندوغار زأحمتکشلرینینگ کوُمونیستیک اونیورسیتتینده اوُقووا گیرمگی بیلن دۆنیأ ادبیاتئنا ایچگین آرالاشئپ اوغرایار.
آتا غوُوشودوُو 1925-نجی یئلدا نشیر ادیلیپ باشلانان «یاش کوُمونیست» غازتینینگ ایلکینجی رداکتوُرئ بوُلیار. 1927 — 1933- نجی یئللار آرالئغئندا ماغارئف ایشلرینده، 1933-نجی یئلدا «سوُوت تۆرکمنیستانئ» (حأضیرکی «تۆرکمنیستان») غازتینده ایشلیأر. شوُل دؤوۆرلر اوُنونگ بیرنأچه حکایالارئ اوُقئجئلارا یتیریلیأر. تۆرکمن دؤولت علمئ درنگو دیل وه ادبیات اینستیتوتئندا ایشلأن دؤوۆرلری اوُل حالق دؤردیجیلیگینی توُپلاماق بیلن مشغوللانیار.
آتا غوُوشودوُو « گؤروغلئ» اپوُسئنئ توُپلاپ، کؤپچۆلیکلهیین نوسغادا ایلکینجی گزک حالقا یتیرن یازئجئدئر. اوُنونگ ایشجنگ غاتناشماغئندا «تۆرکمن حالق ارتکیلری»، «آیال-غئزلارئنگ آیدئملارئ وه لألهلری» یالئ یئغئندئلار نشیر ادیلیأر. تۆرکمن ادبیاتئنا ایلکینجیلرینگ بیری بوُلوپ روُمان ژانرئنئ گیریزن آتا غوُوشودوُو اؤز اثرلرینده حالق حازئناسئ بوُلان روُوایاتلاردئر منگزتملری، دنگشدیرملری، ناقئللارئ اوسساتلئق بیلن اولانماغئ باشارئپدئر. اوُنونگ دۆرلی یئللاردا دؤردن «پرمان»، «مأحری-وپا»، « کؤپتداغئنگ اتِگینده» روُمانلارئ، «دوُردپل»، «واتان اوغلئ» پوُوستلری، «غاندئم آوچئنئنگ ماشغالاسئ»، «آزاشان ائزئنئ تاپدئ»، «اینگ سوُنگقئ آرچئن»، «غاجار آقا» یالئ حکایالارئ اوُقئجئلارئنگ یۆرهگیندن همیشهلیک اوُرون آلدئ. یازئجئنئنگ «پرمان» روُمانئنئنگ ایلکینجی بؤلۆملری 1939 — 1940-نجئ یئللاردا «سوُوت ادبیاتئ» (حأضیرکی «غاراغوم» ژورنالئ) ژورنالئندا چاپ ادیلیأر. یؤنه بییک واتانچئلئق اورشوندان سوُنگ تاماملان روُمانئنئنگ کیتاپ گؤرنۆشینده نشیر ادیلنینی گؤرمک یازئجا میسسر اتمیأر. روُمان 1989-نجئ یئلدا نشیر ادیلیأر. (شونگاچنلی بو رومانئنگ چاپ ادیلمگینه سانسور غاداغانچئلئغی گیزیزلیأر- آ.گلی)
آتا غوُوشودوُوئنگ تۆرکمن تاتر سونغاتئنئنگ اؤسمگینه غوُشاندئ حم اولودئر. اوُل حالق چپرچیلیک تحنیکومئنا، سوُنگرا تئاترال استودیاسئنا یوُلباشچئلئق ادن دؤوۆرلرینده حالقئمئزئنگ بۆتین تارئخئندا ایلکینجی گزک میللی تئاترئنگ دؤرمگینده، یرلی یاشلاردان بازار آمانوُو، غوللوق حوُجایو، غئلئچ بردیو یالئ ایلحالار آرتیستلری یتیشدیرمکده اولئ ایشلری بیتیریپدیر.
واتانا، انه توُپراغا، ایل-گۆنه سؤیگأ یوغرولان اثرلری یادئگأر غالدئران اوسسات یازئجئ آتا غوُوشودوُو 1953-نجی یئلئنگ 15-نجی نوُیابرئندا دۆنیأدن اؤتیأر.
جامال نیازمئراداوُوا،
تورکمنیستان عئلئملار آکادمیاسئنئنگ مرکزی علمئ کیتاپحاناسئنئنگ بیبلیوگرافیا علمئ-بارلاغ بؤلۆمینینگ اساسئ کیتاپحاناچئسئ.